- degişmek
- işlik1) Özara oýun edişip, bälçireşip gürrüň etmek ýa-da bir hereket etmek, wäşilik bilen biri-biriňe söz gatmak.∙ Begenç adatda gelin-gyzlar bilen sözleşmäge, degişmäge çekinmeýän, wäşi, şowhun bir ýigitdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Ýigitler gülşüp, degşip baryşlaryna, ýoluň kynçylygyny äsgermezlik edýärdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Çalyşmak, alyşmak.∙ Men kitabymy ýoldaşym bilen degişdim.3) Özgermek, üýtgemek.∙ Diňe ýiti gözleriniň garaşy biraz degişdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Emma häzir ýagdaý üýtgedi, syýasat degişdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)4) Biri-birine degmek, gysylmak, ýanaşmak.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.Meselem degişmek - degşer, degşipdir.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.